Şäherara ýol tapyň

Aşgabat, Mary, Türkmenabat we beýleki şäherler.

  • Orny özüňiz saýlaň
  • Bahaňyzy teklip ediň
  • Nagt töleg
Tiz wagtdaApp Store
Tiz wagtdaGoogle Play
Ýolagçy üçin

Gözläň. Bronlaň. Gidiň.

  1. Ädim 1.

    Saparyňyzy tapyň

    Sürüjini, bahasyny we boş orunlary görüň.

  2. Ädim 2.

    Orun saýlaň, baha teklip ediň

    Kartada özüňize ýarasan orna basyň. Adaty bahany görüp, öz bahaňyzy iberiň.

  3. Ädim 3.

    Jaň ediň we gidiň

    Tassyklanda belgisi açylýar. Töleg ulagda, nagt.

Programmada

Gerek zatlaryň hemmesi bir ýerde

Gözlegden ýola çykýança: orun, baha, söhbetdeşlik we habarlar.

  • Öz oruňyzy saýlaň

    Ulagyň kartasynda erkin orna basyň. Eýelenen we sürüji ýapan orunlar görünýär.

  • Bahaňyzy teklip ediň

    Adaty baha aralygyny görüp teklip iberiň. Sürüji kabul edýär ýa-da bir gezek garşy teklip berýär.

  • Sürüji bilen ýazyşyň

    Bronuň içinde çat: ugraýyş ýeri, wagt, tiz jogaplar.

  • Üýtgeşme dessine görünýär

    Jogap, tassyklama we wagt üýtgände programma özi täzelenýär. SMS hem gelýär.

  • Sapar ýokmy? Isleg goýuň

    Nirä, haçan we nähili bahada gerekdigini ýazyň. Ugur boýunça sürüjiler size teklip iberýär.

  • Baha we barlanan sürüjiler

    Sapardan soň baha beriň. Sürüjiniň reýtingini we sapar sanyny öňünden görýärsiňiz.

Sürüji üçin

Saparyňyzy goýuň, ýolagçy tapyň

Ugry, bahany we orun sanyny özüňiz belleýärsiňiz.

  1. Ädim 1.

    Hasaba duruň

    Telefon belgisi we ulagyň belgisi.

  2. Ädim 2.

    Sapar goýuň

    Ugur, gün, orun sany, baha. Iki minut.

  3. Ädim 3.

    Ýolagçylary tassyklaň

    Doldy — ugraýyş wagtyny iberiň we ýola çykyň.

  • Adaty baha Ugur boýunça adaty baha aralygy görkezilýär.
  • Orunlary özüňiz ýapyň Bar bolan orunlar ýolagçylara görünýär.
  • Girdeji we doldurulyş Hepdelik, aýlyk girdeji, reýting, iň gowy ugurlar.
  • 2027-nji ýyla çenli mugt Ähli sürüjiler üçin.
  • Dostuňyzy çagyryň Ol ilkinji saparyny goýanda size 1 aý mugt berilýär.
Soraglar

Köp soralýan soraglar

Bahany ýolagçy teklip edip bilýärmi?

Hawa. Ýolagçy öz bahasyny iberýär; sürüji kabul edýär ýa-da bir gezek garşy baha berýär. Ugur boýunça adaty baha aralygy programmada görünýär.

Orny özüm saýlap bilýärinmi?

Hawa. Ulagyň kartasynda erkin orunlara basyp bilersiňiz. Sürüji tassyklanda orun belli bolýar.

Sürüji bilen nädip habarlaşýaryn?

Bronuň içindäki çatda ýazyşyp bilersiňiz. Tassyklanandan soň sürüjiniň telefon belgisi açylýar.

Töleg nähili geçýär?

Ýolagçy sürüjä nagt töleýär. Programma ýolagçydan pul almaýar.

Sapar haçan ugraýar?

Ähli orunlar dolanda. Dolmasa, möhlet geçende sürüji ugramaga ýa-da ýatyrmaga karar berýär we size habar gelýär.

Sürüjiler üçin tölegli bolarmy?

2027-nji ýyla çenli ähli sürüjiler üçin mugt. Soňra mugt meýilnama galar; köp sapar goýýanlar üçin tölegli meýilnamalar bolar.

Programma haçan çykýar?

Tiz wagtda App Store we Google Play-de. Belgiňizi goýuň: çykan badyna SMS ibereris.